Soňky habarlar

Arhiw

«Ganatly bedewlerimiz — milli buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

09:0324.04.2023
0
18928
«Ganatly bedewlerimiz — milli buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Surat: "NT" gazet

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Ganatly bedewlerimiz — milli buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan edildi.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşige medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjylar we şahyrlar, žurnalistlerdir döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Ahalteke bedewleriniň waspyny goşgyda beýan etme boýunça geçirilen bäsleşikde şu aşakdaky awtorlar ýeňijiler diýlip yglan edildi:

Türkmenistanyň Dokm senagaty ministrliginiň bölüm müdiri Rahman Döwletow, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Ogultäç Oraztaganowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Güneş Maksadowa, Begenç Amaşow, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň mugallymy Ahmet Mededow, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy Gurbanbaý Amanow, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň bölüm müdiri Şöhrat Maşaripow, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy Maýagözel Amanowa.

Ahalteke atlary barada ýazylan iň gowy makalalaryň we hekaýalaryň ýeňijileri hökmünde şu aşakdaky awtorlar ýeňiji diýlip kesgitlendi:

«Garagum» žurnalynyň jogapkär kätibi Nurtäç Annamuhammedowa, «Zenan kalby» žurnalynyň bölüm redaktory Ogulgözel Şagulyýewa, Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň lukmany Sona Ilmuhammedowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Hemra Täçgylyjow, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Eşşamowa, Lebap welaýat sungat mekdebiniň mugallymy Ýuliýa Jumaýewa, Mary welaýatynyň prokuraturasynyň işgäri, birinji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa we beýlekiler.

Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlara guramaçylar tarapyndan Diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň