Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty işläp başlady

16:4821.04.2023
0
51565

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi internet saýty döredildi. Bu barada türkmen metbugaty tarapyndan habar berildi.

Halk Maslahatynyň internet saýtynyň döredilmegi barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde mälim etdi.

– Biz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, tele-radioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugatyň, elektron neşirleriň, internet saýtlarynyň we beýleki media serişdeleriniň işine uly ähmiýet berýäris. Olary halkymyz bilen jebis aragatnaşyk saklamagyň möhüm gurallary diýip hasap edýäris. Olardan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekilini media serişdeleri bilen içgin aragatnaşyk saklamaga borçlandyrdyk.
Ilatyň biziň alyp barýan işlerimiz bilen tanyşmagy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty döredildi – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Internet saýtyna şu salgy boýunça girip bolýar: «maslahat.gov.tm».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň