Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalçylary belli boldy

10:3521.04.2023
0
16954

Italiýanyň «Fiorentina», Şweýsariýanyň «Bazel», Angliýanyň «West Hem» hem-de Niderlandlaryň «AZ Alkmar» toparlary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynda ýarym finala çykan toparlar boldy.

Ýarym finalda «Fiorentina» «Bazel» bilen, «West Hem» bolsa «AZ Alkmar» bilen duşuşar.

Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary 11-nji, jogap duşuşyklary bolsa 18-nji maýda geçiriler.

Ýaryşyň çempiony 7-nji iýunda Çehiýanyň Praga şäherindäki «Eden Arena» stadionynda geçiriljek final duşuşygyndan soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň