Arhiw

Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasynyň täze binasy açyldy

18:3920.04.2023
0
56658

Şu gün Aşgabatda Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň hem-de Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şu günki waka türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýete eýediginiň, taraplaryň däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy, uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň