Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Eli Koeni kabul etdi

12:5720.04.2023
0
42373
Serdar Berdimuhamedow Eli Koeni kabul etdi
Surat: twitter.com/elicoh1

Habar berşimiz ýaly, Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Diplomat saparynyň çäklerinde şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada E.Koen özüniň «Twitter» sahypasynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ýurtlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek boýunça özara pikir alşyldy. Türkmenistan strategik ýerde ýerleşýän we Eýran bilen serhetleşýän energiýa merkezidir. Munuň özi ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde, durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda örän ähmiýetlidir. Gepleşikleriň barşynda Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasy açylmagynyň ähmiýetine üns çekilip, bu wakanyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soňky möhüm taryhy waka öwrüljekdigini bellediler.

Taraplar duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň