Soňky habarlar

Arhiw

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Lýuksemburgy ýeňdi

21:3219.04.2023
0
31335

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Dünýä çempionatynyň üçünji diwiziýonynyň «A» toparçasyndan orun alan oýunda Lýuksemburgy ýeňlişe sezewar etdi. Şu gün Keýptaun şäherinde geçirilen oýun 4:1 hasabynda türkmen hokkeýçileriniň peýdasyna tamamlandy.

Türkmenistanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren şaýbalar Arslan Nuryýew (8-nji minut), Pawel Barkowskiý (28), Arslan Geldimyradow (31) we Döwlet Hydyrow (37) tarapyndan geçirildi. Lýuksemburgyň düzüminde bolsa Kolm Kennon (32) tapawutlandy.

Ýeri gelende bellesek, Dünýä çempionatynyň ikinji diwiziýonynyň «B» toparçana beriljek ýollanma üçin 5 topar: Lýuksemburg, Taýland, Taýwan, Türkmenistan hem-de GAR göreş alyp barýar.

Türkmenistanyň ýygyndysy GAR-da geçirilýän Dünýä çempionatynyň çäginde ikinji oýnuny geçirdi. Türkmenistan birinji tapgyrda ýer eýesi GAR-dan 6:9 hasabynda asgyn geldi.

20-nji aprelde Baýram Allaýarowyň şägirtleri Taýland bilen güýç synanyşar. Türkmen hokkeýçileri ýaryşy 23-nji aprelde Taýwana garşy geçjek oýun bilen jemlärler.

Ýeri gelende bellesek, şu wagta çenli türkmen hokkeýçileri dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «A» toparçasynda iki gezek bürünç medala mynasyp boldular. Soňky gezek şeýle üstünlik geçen ýyl Lýuksemburgda geçen ýaryşda hasaba alnypdy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň oýunlarynyň tertibi:

  • Taýland — Türkmenistan (20-nji aprel, Aşgabat wagty bilen sagat 23:00);
  • Türkmenistan — Taýwan (23-nji aprel, Aşgabat wagty bilen sagat 17:00).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň