Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi ähli isleg bildirýänleri sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

10:0319.04.2023
0
45722

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky şahamçasy welaýatyň kämillik ýaşyna ýeten raýatlaryny islendik derejeli sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin awtoulaglary dolandyrmak boýunça okuwlara çagyrýar.

Awtomekdeplerde okuwlaryň binýatlyk maksatnamasy sürüjiligiň nazaryýetini, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmegi, şeýle hem ilki ýörite enjamlarda we awtoýolda, soňra bolsa şäheriň köçe şertlerinde awtoulagy dolandyrmak boýunça amaly sapaklary öz içine alýar. Okuwlaryň möhleti– alynýan derejä laýyklykda, 2-den 3,5 aýa çenlidir.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň şahamçalarynda, edil beýleki merkezlerde hem bolşy ýaly, okuw üçin tölegleri bank kartlary arkaly möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi hereket edýär.

Sapaklar gündiz hem, agşam hem alnyp barylýar. Awtomobil mekdeplerinde motosiklden we ýeňil awtomobilden başlap, tirkegli agyr ýük ulaglaryna çenli ulagyň dürli görnüşlerini dolandyrmaga hukuk berýän «А», «В», «С», «D» we «Е» derejeli sürüjilik şahadatnamalaryny almak mümkindir.

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň şahamçalary Balkan welaýatynyň alty sany şäherinde ýerleşýär. Maslahat almak ýa-da okuwlary geçmek üçin aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

  • Balkanabat, Beýik Ýüpek ýoly köç., telefon: (+993 222) 6-47-67, (+993 222) 6-08-98;
  • Türkmenbaşy, Aýtakow köç, 42-nji jaý, telefon: (+993 65) 16-52-93;
  • Gumdag, Taýly şahyr köç, telefon: (+993 65) 88-71-72;
  • Magtymguly, Durdyhan ýanyk köç, 12-nji jaý, telefon: (+993 248) 4-02-74, (+993 65) 39-83-97;
  • Etrek, Baýathajy köç, 16-njy jaý, telefon: (+993 65) 17-65-30;
  • Serdar, Abaýew-1 köç., telefon: (+993 246) 5-49-50, (+993 63) 09-02-02.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň