Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çaga ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmegiň aňsat usullary

0
54616

Çagalary ýol hereketiniň kadalary (ÝHK) bilen tanyşdyrmak ene-atalar üçin möhüm meseleleriň biridir. Ulular diňe bir elýeterli görnüşde düşündirmek bilen çäklenmän, çagalarda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmek we olara eýermek endiklerini hem terbiýelemeli.

Onsoň, çaga ýol hereketiniň kadalaryny haçan öwredip başlamaly

Beýik pedagoglaryň belleýşi ýaly, özüň edip görkezmekden gowy görelde ýokdur. Şonuň üçin çaganyň 4 ýaşyndan başlap, ýoldan geçeniňizde oňa haýsy reňkde geçendigiňizi, näme üçin durandygyňyzy, ýol bellikleriniň näme üçin goýulýandygyny we ş.m aýdyp beriň.

6 ýaşa çenli çagalarda ünslülik gowşak bolýar we gyralygyna görmek gowy ösmedik ýagdaýda bolýar. Mysal üçin, çaga ýoluň geçilýän zolagynda tötänleýin bir oýnawajyny gaçyryp, ony almak üçin yzyna dolanyp biler. Şol sebäpli çaga gaýdyp ýola yzyna dolanyp barmaly däldigini düşündirmeli: ýaşyl çyra uzak wagtlap ýanmaýar, gyzyl çyra ýakylanda bolsa awtoulaglar hereket edip başlaýar, beýle ýagdaýda bolsa olar pyýadanyň duran ýerine sürüp, ýol ulag hadysasyny döredip bilerler. Bu örän howply ýagdaý.

Mekdep ýaşdan kiçi çaga ÝHK barada nämeleri bilmeli?

Çagalara ýol düzgünleri barada şu aşakdakylary düşündirip başlap bilersiňiz:

  •  ýolyşyk ýa-da pyýada geçelgesi ýok bolsa, ýoldan geçmeli däl;
  • ýoluň gyrasynda durmaly we ýolyşygyň reňkine seretmeli;
  • awtoulaglaryň geçýän ýerlerinde oýnamaly däldir;
  • ýoluň ugry boýunça ýanýodadan ýöräp bilersiňiz, eger ol bolmadyk ýagdaýynda, ýoluň gyrasy bilen ýöremek bolar;
  • skuterde ýa-da welosipedde ýoly kesip geçmek bolmaýar, munuň üçin durup, ondan düşmeli we pyýada geçmeli.

Şeýle hem, eger howlugan ýagdaýyňda ýaşyl yşyk sönüp, gyzyl reňk ýanjak bolup duran bolsa, iň gowsy indiki yşarata garaşmagyň örän ýerlikli boljakdygyny düşündirmek möhümdir.

Çagalar üçin ýol hereketiniň esasy kadalary

Şeýlelik bilen, ýokardaky aýdylanlary jemläp, mekdep ýaşyna çenli çagalara öwredilmeli esasy ýol düzgünleri barada belläliň:

Ýolyşyk bilen tanyşlyk: onda nähili reňkler bar we olar nämäni aňladýar. Ýoldan geçilen mahaly ilki bilen çepiňe, soňra bolsa sag tarapyňa seretmeli (sag tarap boýunça hereketli ýurtlar üçin munuň tersine).

Pyýada geçelge bilen tanyşlyk: Pyýada geçelgesi näme we ondan haçan, nähili ýagdaýda geçmeli.

Howpsuzlyk belgileri: ol nähili zat, ol nähili hereket üçin niýetlenen.

Ulagy togtadylýan ýer barada düşünje: çaga sürüjiniň ýolda bir adamy öňünden görse-de, hereket edýän ulagyň şol bada togtamajakdygyna düşünmeli. Şonuň üçin ulag gelýän wagty ýoldan ylgap geçjek bolmak ýalňyşdyr.

Jemgyýetçilik ulaglarynda özüňi alyp barmagyň kadalary: awtobus, tramwaý, trolleýbus ýaly ulaglardan diňe doly togtadylan mahaly girip çykmalydyr. Ulagda mahalyňyz tutawaçlardan tutup durmagy ýatdan çykarmaly däldir.

Welosiped we skuter sürmekde nazarda tutmaly düzgünler: ulaglaryň gatnaýan ýolunda sürmek düýbünden gadagan.

Ýol belgileri bilen tanyşlygymyza geçeliň.

Pyýada geçelgesi

Ýolda ak parallel zolaklar ýa-da «Pyýada geçelgesi» diýen belgi bar bolsa, ýoldan geçip bilersiňiz. Ýoldan geçmezden ozal pyýada çep we sag tarapdaky awtoulaglaryň hereketini togtadandygyna doly göz ýetirmelidir.

Hereket gadagan!

Eger şeýle belgä gabat gelseňiz, şol ýerden geçip bilmersiňiz.

Seresap boluň, çagalar bar!

Çaga bu ýol belgisiniň bolmagynyň howpsuzlygy doly üpjün etmeýändigine we niýetlenmedik ýerlerde ýoldan geçmeli däldigine düşünmelidir.

Ýerasty geçelge

Ýerasty geçelge ýoluň beýleki tarapyna başga ygtybarly geçelgäniň ýokdugyny, diňe şondan geçmegiň dogry boljakdygyny aňladýar.

Ene-atalara çagalaryna ýol kadalaryny oýun görnüşinde düşündirmek nähili bolar?

Oýunlar we wiktorinalar bilimleri hem-de gazanylan endikleri jemlemäge kömek eder: tagta oýunlary, soraglar bilen kartoçkalar we ş.m. Düzgünleri ýat tutmaga şeýle-de tapmaçalar we goşgular ýardam edýär.

Ýol kadalaryny bilmek üçin ulanyljak kartoçkalary özbaşdak hem edip bilersiňiz. Soraglar «Näme etmeli?» diýen sowala jogap bolýan görnüşde bolmalydyr:

Mysal üçin, sen ýoldan geçmeli. Muny nirede we haýsy şertlerde edip bolar?

Ýoldan geçmeli däl mahalyňyz ýolyşyk haýsy reňkde ýanýar?

Oýnaýan pökgiňiz tigirlenip ýola gitse näme ederdiňiz?

Bir ýere gijä galyp barýan halatyňyz ýolyşyk gyzyl ýansa näme ederdiňiz?

Ýol hereketiniň howpsuzlygy pyýadalaryňam, sürüjileriňem ýokary derejedäki jogapkärçiligidir. Bularyň ikisi-de ýol kadalaryna biperwaý çemeleşmeli däldirler.

Ulag dolandyrmaga täze girişýän türkmenistanlylar munuň üçin ýörite taýýarlyklary görmelidir. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag mekdepleriň birleşigi sürüjilik başarnyklaryny kämilleşdirmek we A, B, C, D we E kategoriýalary boýunça sürüjilik şahadatnamalaryny üçin geçilýän okuwlary hödürleýär. Şeýle hem tejribeli sürüjiler gaýtadan taýýarlyk geçmek okuwlary hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Raýatlara bu meselede okuw geçmek amatly bolar ýaly, ýurduň ähli künjeklerinde 40-a golaý sürüjilik mekdepleri açyldy. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň şahamçalarynda awto sürüjilik meýdançalary we sürüjilik başarnyklaryny özleşdirmek üçin niýetlenen zerur ýerler bardyr. Bu ýerlerdäki okuw otaglary häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylyp, geçilýän sapaklar döwrebap okuw usullaryna esaslanýar.

Şeýlelikde, 18 ýaşdan «A» we «B» sürüjilik kategoriýalaryny alyp bolýar; 19 ýaşdan «C» we «D» kategoriýalaryna synag tabşyryp bolýar; 20 ýaşdan bolsa trolleýbus we tramwaý ýaly ulaglary dolandyryp bilýän sürüjiler dalaşgärlige kabul edilip bilýär.
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň düzgünleri hem-de talaplary bilen edaranyň awtomekdep.edu.tm salgyly resmi web saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Degişli salgylanma girmek arkaly ähli awtomekdepleriň telefon belgilerini we salgylaryny alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (12) 44 33 19, +993 (12) 44 33 20. Elektron poçtasynyň salgysy: : info@awtomekdep.edu.tm.

Çeşme: kidskey.org

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar