Russiýanyň futbol boýunça ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşmakdan ýüz dönderdi. Bu barada Russiýanyň Futbol birleşiginiň Baş sekretary Maksim Mitrofanow beýan etdi – diýip, TASS habar berýär.
«Biz CAFA resmi hat ugratdyk, kärdeşlerimize habar berdik. Bizde guramaçylyk bilen baglanyşykly birnäçe kynçylyklar bar we, biz gynansakda, ýüz dönermäge mejbur bolduk. Biz bilen CAFA-nyň arasynda birnäçe meseleler bar, türgenlere uly agram düşmegi, gyzgyn howa, 11-nji sene bilen 15-nji senäniň arasyndaky gysga arakesme bolmagy» - diýip, Mitrofanow aýtdy.
Ozal Russiýanyň ýygyndysynyň 9-njy iýundan 21-nji iýun aralygynda Bişkekde we Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň agza-ýurtlarynyň: Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda geçjek ýaryşlarda çykyş etjekdigi habar belipdi.