Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda «Köpetdag» «Şagadamy» ýeňdi

22:0014.04.2023
0
29941

Türkmenistanyň 31-nji futbol çempionaty Aşgabatda geçirilen duşuşyk bilen öz badalgasyny aldy ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» bilen «Şagadam» toparlary güýç synanyşdylar. Birinji tapgyryň ilkinji duşuşygy paýtagtyň toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklary 15-nji aprelde geçirilip, onda «Altyn asyr» – «Nebitçi», «Merw» – «Aşgabat», «Ahal» – «Energetik» toparlary duşuşarlar.

Üç aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatynda toparlaryň dokuzysynyň («Altyn asyr», «Ahal», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Energetik», «Merw», «Köpetdag», «Arkadag») çykyş edýändigini ýatladýarys.

Futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 14-nji apreli bilen 30-njy maýy aralygynda, ikinji, hem-de üçünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

1-nji tapgyryň duşuşygy:

«Köpetdag»«Şagadam» – 2:1

Gollar: 25 Ýazgylyç Gurbanow, 80 (11 m.j.u.) Şiri Annaýew – 66 Baýram Ataýew.

Duýduryşlar: 28 Farhat Italmazow, 51 Ýunus Orazmämmedow, 67 Baýram Ataýew, 90+3 Salim Umarow.

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň