24-25-nji maýda Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçiriler. Ony Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bile guraýar.
Guramaçylaryň nygtaýşy ýaly, bu giň gerimli çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtyň ajaýyp keşbini şöhlelendirmäge ýardam eder.
Sergide oňa gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk, senagat, medeni we ylym-bilim ulgamlarynda gazanan üstünlikleri, durmuş-ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar.
Däp bolşy ýaly, sergide hödürlenýän taslamalaryň aglabasy türkmen paýtagtyny bezeýän ajaýyp binalarda we binagärlik desgalarynda giňden şöhlelenendir.
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi şu salgyda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň çäginde geçiriler: Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143-nji jaý.
Halkara derejede guraljak sergi bilen tanyşmak ýa-da oňa gatnaşmak üçin şu görkezilýän salgylara ýüz tutmak bolýar:
Aşgabat şäher häkimligi
- Telefon belgileri: (+993 12) 92-04-24. Faks: (+993 12) 92-28-15.
- Elektron poçta salgysy: ird.ashgabat@gmail.com, ird@ashgabat.gov.tm
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
- Telefon belgileri: (+993 12) 39-88-83, 39-88-87, 39-88-81. Faks: (+993 12) 39-89-79.
- Elektron poçta salgysy: 3@cci.gov.tm