Balkanlary aprel gary basdy

17:0005.04.2023
0
32328
Balkanlary aprel gary basdy
Surat: mir24.tv

Balkan ýurtlaryny aprel gary örtdi. Serbiýada, Bosniýa we Gersogowinada şeýle uly gar üýşmekleri soňky 150 ýylda görülmändi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Kommunal gulluklar üçin bu hakyky heläkçilige öwrüldi, howplulygyň «gyzyl derejesi» yglan edildi. Daglarda çapgyn harasat sebäpli garly päsgelçilikler, şäherlerde ulag dyknyşyklary emele geldi. Jemgyýetçilik ulaglarynyň işinde bökdençlikler ýüze çykdy. Taksiler diňe gardan arassalanan köçelerden gatnamaly bolýarlar. Gar sebäpli tok geçirijiler üzülýär, agaçlar ýykylýar. Birnäçe adam şikes alyp, hassahana düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň