Soňky habarlar

Arhiw

«Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy

15:0201.04.2023
0
54436

1-nji aprelden başlap Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ-i tarapyndan «Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy. Gatnawlar hepdäniň her güni Halkara awtomenzilden sagat 08:00-da, Hazar şäherinden sagat 10:00-da ugraýar.

Bu barada agentligiň resmi saýtynda şeýle diýilýär:

«Hormatly ýolagçylar, ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap, «Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy. Hepdäniň her güni Halkara Awtomenzilden sagat 08:00-da, Hazar şäherinden sagat 10:00-da gatnawlaryň hereket edýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýäris».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň