Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly emin kenarýaka futboly boýunça Aziýanyň kubogyna gatnaşdy

15:0015.03.2023
0
1357

FIFA-nyň türkmenistanly emini Timur Gulmyradow kenarýaka futbol boýunça geçirilen Aziýanyň kubogynda eminlik etdi. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Ýaryş 16 ― 26-njy mart aralygynda Tailandyň Pattaýa şäherinde geçirildi. Oňa yklymyň iň güýçli 16 ýygyndysy gatnaşdy.

Ýaryşyň çäklerinde Pattaýada AFK tarapyndan kenarýaka futboly boýunça eminleriň bäş günlük okuw maslahaty hem boldy. Oňa eminleriň 20-si gatnaşdy. Okuwyň dowamynda olara FIFA-nyň kenarýaka futboly boýunça girizen täze düzgünleri tanyşdyryldy.

Timur Gulmyradowyň 2021-nji ýyldan bäri kenarýaka futboly boýunça FIFA-nyň emini bolup işleýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň