Arhiw

Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

22:0324.03.2023
0
32538
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek saýlawlarda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany myhmany mübärekläp, 26-njy martda geçiriljek milli parlamentiň deputatlarynyň, şeýle hem ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurduň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyna we GDA-nyň Baş sekretaryna saýlawlara syn etmäge gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Sergeý Lebedew wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, GDA-nyň synçylar toparynyň işi barada habar berdi hem-de halkara synçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda Türkmenistanyň GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen onuň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygy we häzirki zaman sebit hem-de ählumumy meselelerde Arkalaşygyň ornunyň pugtalandyrylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşýandygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň bar bolan uly kuwwatynyň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy. Ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, ylym-bilim hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlary, GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň ähli ýurtlary bilen däp bolan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini we bu netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýändigini belläp, döwletara hyzmatdaşlygy netijeli utgaşdyrýandygy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany hem-de myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, GDA-nyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň bilelikdäki işiň toplanan köpýyllyk tejribesine esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň