Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow täze topary ― Täjigistanyň «Hujandy» bilen ilkinji kubogyny gazanmaga ýakyn geldi, ýöne gazanyp bilmedi. «Hujand» Täjigistanyň Futbol ligasynyň kubogy ugrunda geçirilen ýaryşyň finalynda «Hosilotdan» asgyn geldi.
Gülüstan şäherindäki «Bahorystan-1» stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. «Hosilot» 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, arzyly kubogyň eýesi boldy.
Final duşuşygyna türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow hem gatnaşdy. Muhadowyň bu topar bilen şu ýylyň fewralynda şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.