Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda 4 gatly täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

10:1223.03.2023
0
22436

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 4 gatly, 32 öýli täze ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, täze ýaşaýyş jaýy Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtlylar üçin ajaýyp toý sowgady boldy. «Ylham bina» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan bu ýaşaýyş jaýy 2 we 3 otagly öýlerden ybarat. Olar döwrebap ýyladyş hem yşyklandyryş, tebigy gaz ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Otaglarda häzirki zamanyň ýokary hilli öý goşlarydyr mebelleri ýerleşdirilipdir. Çagalar üçin otaglar körpeleriň dünýäsine kybap bezelipdir. Töweregine täze agaç nahallary oturdylan jaýyň golaýynda çagalar üçin ýörite oýun meýdançasy hem göz öňünde tutulypdyr.

Büzmeýin etrabynyň Ahal köçesiniň ugrunda gurlan ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna täze öýleriň eýeleri, il sylagly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Ilki bilen, bu ýere ýygnananlar medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlaryna, sahnalaşdyrylan bäbek toýuna tomaşa etdiler. Soňra täze jaýyň gurluşyk işlerinde aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşuly nesliň wekilleri ähli amatlyklary bolan öýlere aýlanyp, otaglarda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Täze ýaşaýyş jaýyndan öý alanlaryň agramly bölegini ýaş maşgalalar düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň