Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Granada şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

10:4222.03.2023
0
26661
Granada şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
Surat: Türkmenmetbugat

10-njy martda Granada şäherinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Türkmen desterhanynyň başyndaky çykyşlarda ussadyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, edebi mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllarda türkmen we ispan alymlarynyň hyzmatdaşlygynda şahyryň eserleriniň terjimesi boýunça bitirilen işler, döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi. Onuň türkmen we ispan dillerindäki şygyrlary okaldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, Granada uniwersitetiniň professory we terjimeçisi merhum Alehandro Munýoz Korsuň türkmen nusgawy şahyryny Ispaniýada tanatmak ugrunda alyp baran işleri ýatlanyldy. Agşamyň dowamynda şahyryň nemes diline terjime edilen goşgularyny neşir etmek, şeýle hem şygyrlaryny fransuz diline geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Magtymguly hakyndaky neşirleriň we beýleki maglumatlaryň sergisi guraldy. Ertesi bu şäherde ussadyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi. Ispaniýa Patyşalygynyň Ylym we innowasiýalar ministrligi, dünýäniň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Granada uniwersiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim hem-de Daşary işler ministrlikleri tarapyndan guralan foruma Gündogary öwreniji ispan alymlary, edebiýat we medeniýet işgärleri, Türkmenistanyň ylym, bilim wekilleri, şeýle-de sanly ulgam arkaly görnükli arheolog alymlar gatnaşdylar.

Ispaniýa Patyşalygynyň ylym we innowasiýalar ministriniň geňeşçisi, professor Adolfo Barrios hem-de Granada konserwatoriýasynyň professory Antonio Oliwer türkmen diliniň şirinligini öz şygyrlarynda beýan eden, Ýer ýüzüniň her bir ýaşaýjysyna ýakyn bolan gymmatlyklary öňe süren Magtymguly Pyraga bu gün ispan halkynyň çäksiz hormat goýýandygy, akyldaryň şygyr setirlerine siňdirilen filosofik pikirleriň, ynsanperwer garaýyşlaryň umumadamzat ähmiýetli taraplary barada durup geçdiler.

Halkara ylmy maslahatda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýeleri — Ispaniýa Patyşalygynyň Granada uniwersitetiniň professorlary we terjimeçileri Helga Dorosea Kors Kegel hem-de merhum Alehandro Munýoz Kors tarapyndan terjime edilip, 2014-nji ýylda okyjylar köpçüligine ýetirilen Magtymguly Pyragynyň ispan dilindäki goşgular okaldy.

Dabaranyň dowamynda Granadanyň konserwatoriýasynyň professory Miguel Angel Gorral ispan milli sazlarynyň konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň, Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Parfiýa-Nusaý, Horezm-Köneürgenç, Dehistan ýaly taryhy-medeni ýadygärliklere, türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüne we edebi mirasyna bagyşlanan kitaplaryň, Magtymgulynyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylarynyň sergisi guraldy. Maslahat Ispaniýanyň «7 Canal Sur» teleýaýlymy arkaly ýazgy edilip, tomaşaçylara ýetirildi. Bu ýerli ylmy jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň