YHG-niň daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisi tamamlandy

18:0418.03.2023
0
31974
YHG-niň daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisi tamamlandy
Surat: mfa.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-17-nji martda Mawritaniýanyň paýtagty Nuakşot şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

«Araçyllyk: howpsuzlygyň we durnuklylygyň açary» mowzugyna bagyşlanan mejlisiň dowamynda gurama agza ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Öz gezeginde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hem mejlisde söz sözledi. Türkmen wekiliýetiniň çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna üns çekilmek bilen, onuň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gurama agza bolan ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň dowam etdiriljekdigi bellenildi.

Mundan başga-da W.Hajiýewiň çykyşynda bitaraplyk syýasatynyň we gepleşikleriň halkara parahatçylygy üpjün etmekdäki möhüm ornuna we onuň esasynda emele gelýän oňyn netijelere ýokary baha berildi. Şol bir wagtda, taraplar YHG-nyň çäklerinde raýdaşlygy artdyrmak we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine çagyrylmak bilen bilen, Türkmenistanyň soňky ýakyn günlerdäki bu gurama agza bolan doganlyk döwletlere beren ynsanperwer goldawlary barada maglumat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň