Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrlaryna bije çekildi

18:1617.03.2023
0
42992

Birnäçe minut ozal Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropa ligasynyň çärýek final tapgyryna bije çekildi. Bijä laýyklykda, tapgyrda «Mançester Ýunaýted» bu gezek hem ispan topary «Sewilýa» bilen duşuşar, ýaryşyň çempionlygyna esasy dalaşgär ýene bir topar «Ýuwentus» bolsa «Arsenaly» bäsleşikden çykaran «Sporting» bilen güýç synanyşar.

Ýewropa ligasynyň çärýek final jübütleri:

  • «Mançester Ýunaýted» — «Sewilýa»;
  • «Ýuwentus» — «Sporting»;
  • «Baýer» — «Ýunion» (Belgiýa);
  • «Feýenord» — «Roma».

Ýarym finalda şu jübütleriň ýeňijileri final ýollanmasy üçin göreşerler:

  • «Mançester Ýunaýted»/«Sewilýa» — «Ýuwentus»/«Sporting»;
  • «Baýer»/«Ýunion» — «Feýenord»/«Roma».

Ýewropa ligasynda çärýek finalyň deslapky duşuşyklary 13-nji aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 20-nji aprelde bolup geçer. Ýarym finalyň deslapky duşuşyklary 11-nji maýda, jogap duşuşyklary 18-nji maýda oýnalar. Final oýny 31-nji maýda Wengriýanyň Budapeşt şäherindäki «Puşkaş Arena» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň