Berliniň Tebigy taryhy muzeýi Türkmenistanda bilelikde gözleg-ylmy işlerini geçirer

16:3917.03.2023
0
36363

Diplomatik ýollar arkaly Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Tebigy taryhy muzeýiniň — Leýbnis adyndaky ewolýusiýa we biodürlüligi institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

15-nji martda gol çekişlikde Ähtnamanyň çäklerinde taraplar bilelikdäki işläp taýýarlamalary, aýratyn-da biologiýa, paleontologiýa we Ýer şary hakyndaky ylymlar boýunça, Türkmenistanda bilelikdäki gözleg-ylmy işleri, meýdan işlerini we ekspedisiýalary meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Berliniň Tebigy taryhy muzeýi 1810-njy ýylda döredildi, muzeýde on müňden gowrak görnüşli nusgalary 30 milliondan gowrak zoologiki, paleontologiki we mineralogiki nusgalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň