Türkmenistanda halkara ýol ulaglary pudagynda maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistan Halkara ýol ulaglary bileleşigi (IRU) bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. IRU bu meselede Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy jemgyýeti (GIZ) tarapy bilen iş salyşýar.
Bu barada IRU halkara ýol ulaglary (TIR) we tranzit ulgamlarynyň müdirliginiň direktory Tatýana Reý-Belle salgylanyp, «Trend» habar berýär.
Tatýana Rei-Belle: «Türkmenistan we IRU geçen ýyl ýurduň üstaşyr we ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin serhetaşa işleri optimallaşdyrmak üçin birnäçe taslamany durmuşa geçirdi» diýdi.
IRU-nyň wekili GIZ Türkmenistanda gümrük amallarynyň sanlaşdyrylmagyny goldamagy dowam etdirer diýip belledi.
Germaniýanyň ösüş gullugy bolan GIZ halkara hyzmatdaşlygy we bilim ulgamynda hyzmatlary hödürleýär.