Soňky habarlar

Arhiw

ÝKL-iň çärýek finalçylary belli boldy

08:1117.03.2023
0
25239

Ýewropanyň konferensiýalar ligasynyň çärýek finalyna ýollanma alan toparlaryň ady belli boldy. Ýaryşyň çärýek finalynda «Fiorentina» (Italiýa), «Gent», «Anderleht» (ikisi hem Belgiýa), «Leh» (Polşa), «Bazel» (Şweýsariýa), «West Hem» (Angliýa), «Nissa» (Fransiýa) we «AZ» (Niderlandlar) ýaly toparlar çykyş ederler.

Bäsleşigiň çärýek finalyna 17-nji martda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde bije çekiler.

Ýewropa konferensiýalar ligasynyň oýunlary Türkmenistanyň çäginde «Matç TV» we holdingiň ugurdaş teleýaýlymlary arkaly tomaşaçylara ýetirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň