Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory bilen gepleşik geçirildi

09:5516.03.2023
0
17895
Aşgabatda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory bilen gepleşik geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşdy. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji martda geçirilen duşuşykda taraplar UNFPA-nyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen gol çeken ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde alyp barýan üstünlikli işleri barada aýtdylar. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hökmünde UNFPA tarapyndan Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetine 2022-nji ýylda ýurduň ilat we ýaşaýyş gaznasynyň ýazuwyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek işlerinde tehniki ýardam berendigini bellendi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň barşynda reproduktiw saglyk, gender deňligi we zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ugurundaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda M.Bäşimowa türkmen tarapynyň UNFPA-nyň «Türkmenistanda maşgalada zenanlaryň saglygy we ýagdaýy» milli barlaglarynyň netijeleri boýunça Hasabaty taýýarlamaga ýardam bermek işine ýokary baha berýändigini belledi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar syýasaty ugrundaky hyzmatdaşlygyň bolup durýandygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň