Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL: «Mançester Siti» we «Inter» çärýek finala çykdy

10:5715.03.2023
0
27374
ÝÇL: «Mançester Siti» we «Inter» çärýek finala çykdy
Surat: sport.nv.ua

ÝÇL-iň çärýek final tapgyrynyň ýene iki gatnaşyjysy belli boldy. Has takygy, «Mançester Siti» hem-de «Inter» toparlary çärýek finala ýollanma aldylar.

Öz öýünde «Leýpsigi» kabul eden «Mançester Siti» 7:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollaryň bäşisini Holland öz adyna ýazdyrdy, şeýle-de «şäherlileriň» düzüminde Ilkaý Gündogan we Kewin de Bruýne hem tapawutlanmagy başardy. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýun 1:1 hasabyndaky deňlikde tamamlanypdy. Şeýlelikde, iki oýnuň netijesine görä, «Mançester Siti» indiki tapgyra ýollanma aldy.
Parallel wagtda geçen oýunda «Portu» «Interi» myhman aldy. Duşuşyk golsuz deňlikde tamamlandy. Bu jübütiň deslapky duşuşygynda 1:0 hasabynda «Inter» ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, çärýek finalyň ýollanmasy hem «Intere» nesip etdi.

Aşgabat wagty bilen 16-njy martda sagat 1:00-da geçiriljek «Napoli» — «Aýntraht» (deslapky oýun 2:0) hem-de «Real» — «Liwerpul» (deslapky oýun 5:2) oýunlary bilen ÝÇL-iň 1/8 final tapgyry tamamlanar. Oýunlar «Matç tv» we holdingiň beýleki ýaýlymlary arkaly Türkmenistanyň çäginde göni ýaýlymda efire goýberiler.

Ýeri gelende bellesek, häzire çenli «Bawariýa», «Çelsi», «Milan», «Benfika», «Mançester Siti» we «Inter» ýaly klublar çärýek final ýollammasyna eýe çykdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň