Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri Hytaýyň Guanžou şäherinde geçiriljek halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy tarapyndan habar berilýär.
33-nji «China Import and Export Fair» («Canton Fair») sergisi 2023-nji ýylyň 15-nji apreli we 5-nji maýy aralygynda geçiriler. Oňa hytaýly we daşary ýurtly kompaniýalaryň 26 müňe golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
TSTB-niň resmi web sahypasynda çap edilen bildirişe laýyklykda, gyzyklanma bildirýän taraplar goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler: +99312 21-23-64
Belläp geçsek, «Canton Fair» sergisi, esasan, eksport we import üçin giň meýdança bolup durýar. Serginiň dowamynda dünýäniň dürli künjeginden gelen telekeçiler maglumat alyşýarlar we işewür gatnaşyklar guraýarlar.