Soňky habarlar

Arhiw

«Baýeriň» ýeňiş gazanan duşuşygyna Azmun ätiýaçlykdan girdi

23:3312.03.2023
0
16471

«Baýer» Germaniýanyň çempionatynyň 24-nji tapgyrynda myhmançylykda «Werderi» 3:2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny Mitçel Bakker (34), Jeremi Frimpong (56) we Adam Glojek (83) geçirdi.

«Baýerde» eýranly türkmen Serdar Azmun duşuşyga ätiýaçlyk oturgyjynda başlap, 88-nji minutda oýna girdi.

24 duşşykda 34 utuk toplan «Baýer» häzir 9-njy orny eýeleýär.

Azmunyň bu toparda geçen ýylyň ýanwaryndan bäri futbol oýnaýandygyny ýatladýarys. 28 ýaşly eýranly türkmen şu möwsümde 2 gol geçirip, bir gezek assist etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň