10-njy martda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA) tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine «Okuw sapaklaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça okadýanlar üçin gollanma» ady bilen okuw gollanmalary gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Habar berlişi ýaly, gollanmalar Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň bilermenler topary tarapyndan Frontex (Ýewropa Bileleşiginiň Daşarky serhetleriň howpsuzlygy boýunça agentligi) okuw maksatnamalary esasynda hem-de 2022-nji ýylyň 15 — 17-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen mugallymlarydyr tälimçileri taýýarlamagyň usullaryny işläp düzmek boýunça sebitleýin okuw maslahatynyň netijelerine esaslanyp işlenip düzüldi.
Belläp geçsek, bu gollanma BOMCA maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň gümrük, migrasiýa we serhet gulluklarynyň okuw bölümleriniň işgärlerine niýetlenendir.