Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi şu gün Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Saburow bilen duşuşdy. Bu barada Kataryň ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda dostlukly iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
2016-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda howa gatnawy barada Hökümetara şertnamanyň baglaşylandygyny bellemelidiris.