Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara foruma gatnaşar

10:2709.03.2023
0
30502
Türkmenistan «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara foruma gatnaşar
Surat: e-cis.info

Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara maslahat geçiriler. Onda Wolga-Hazar ulag we logistika ekosistemasynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «AstrahanFM» habar berýär.

Forumyň esasy wezipesi işewür toparlaryň, telekeçilige degişli däl pudagyň hünärmenlerini, Türkmenistandan, Russiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we gyzyklanma bildirýän beýleki daşary ýurtlardan degişli ugruň wekillerini bir ýere jemlemekden ybaratdyr. Maslahatyň dowamynda Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar, Demirgazyk-Gündogar, Günorta-Günbatar geçelgeleriniň mümkinçiliklerine baha berler.

Forumyň netijelerine esaslanyp işlenip düzüljek teklipler gutarnykly kararlar görnüşinde çap ediler we degişli döwlet edaralaryna hödürlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň