«Türkmenistan» howaýollarynyň RF-däki Baş agenti Moskwadan Aşgabada petekleriň bahasyny arzanlatdy

19:1906.03.2023
0
49020

«Türkmenistan» howaýollarynyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş agenti Moskwadan Aşgabat şäherine uçuş petekleriniň bahasynyň arzanladylandygyny mälim etdi. Bu baradaky awiakompaniýanyň «VKontakte» sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.

Mysal üçin, mart aýynda Moskwadan Aşgabat şäherine gitmek üçin petegi 24,313 rubl bahadan alyp bolar. Fewral aýynyň başynda bir tarap üçin petekler 29,775 rubldan satylypdy.

«Türkmenistan» howaýollarynyň ähli uçuşlary üçin petekleri Russiýa Federasiýasyndaky Baş agentiň resmi web sahypasynda, şeýle hem Moskwadaky, Kazandaky we Sankt-Peterburgdaky agentlik satuw ofislerinde satyn alyp bolýar. Tölegi «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanmak bilen, rus walýutasynda hem amala aşyryp bolýar.

Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda howa gatnawlary hepdede iki gezek amala aşyrylar. T5 704 gatnawy çarşenbe güni sagat 00:15-de Moskwadan ugraýar we penşenbe güni sagat 06:05-de Aşgabatda gonýar. Juma güni bolsa T5 710 gatnawy Moskwadan sagat 10:35-de uçup, 16:25-de Aşgabatda gonýar.

Türkmenistanda wagtyň Moskwadan iki sagat öňdedigini, şeýle hem gatnawlaryň tertibine üýtgeşmeleriň girizilip bilinjekdigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň