Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi

06:0610.07.2015
0
14762

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda  Permana gol çekdi.

2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlanar.

2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 966 manat, iň ýokary möçberini 1302 manat möçberde;

Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberini 1185 manat möçberde;

Permana laýyklykda, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 231 manat möçberde; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 220 manat möçberde bellemeli.

Permana laýyklykda, Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 590 manat möçberde bellenildi we ol aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanylar.

Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň