Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýanwar-fewral aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy. Iki aýyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 3,4 göterim ýokarlandy.
2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,1 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,7 göterim ýokarlandy. Döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara dünýädäki ýagdaýlary gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutany degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, müdirlikleriň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermek hem-de bu işi berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.