Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arheologlar Heopsyň piramidasynda gizlin ötük tapdylar

16:5803.03.2023
0
33807
Arheologlar Heopsyň piramidasynda gizlin ötük tapdylar
Surat: rg.ru

Müsüriň Gadymylyklar boýunça ýokary geňeşi täze arheologik tapyndy barada habar berdi diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Informburo.kz» saýty ýazýar.

Ýagny alymlar meşhur Heopsyň piramidasynda öň belli bolmadyk dokuz metr uzynlykdaky ötügiň üstüni açdylar. Ol täze açyşlara getirip biler diýip, alymlar aýdýarlar.

Ötük 2015-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Scan Pyramids» taslamasynyň çäklerinde açyldy. Arheologlar skanirlemegi we endoskanirlemegi öz içine alýan häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak bilen, piramidanyň içini öwrenýärler.

Gizadaky meşhur piramida biziň eýýamymyzdan öňki 2560-njy ýylda Müsüriň faraony Hufu (Heopsyň) aramgähi hökmünde gurlupdyr. Onuň beýikligi 146 metr. Piramida 1889-njy ýylda Parižde Eýfel diňi gurulýança adamlar tarapyndan gurlan iň beýik bina hasaplanýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň