Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gruziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

15:0801.03.2023
0
41085

Gruziýanyň şypahanalary ösdürmek gullugy Türkmenistanda ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürledi. Tanyşdyryş çäresi şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we türkmen tarapynyň goldawy bilen geçirildi.

Bu çärä syýahatçylyk agentlikleriniň, hususy kompaniýalaryň we Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gruziýanyň şypahanalary ösdürmek gullugynyň wekilleri ýurduň mümkinçilikleri barada çykyş etdiler. Onuň dowamynda Gruziýanyň balneologiki şypahanalaryna we ýurduň maýa goýum taslamalaryna aýratyn üns berildi.

Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň şypahana ösüş agentligi 2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda balneologiki, dag şypahanalaryny, kurort meýdançalaryny ösdürmek, şeýle hem degişli işler boýunça esasy meýilnamalary taýýarlamak, maýa goýumlaryny çekmek babatda işe başlady.

Umuman alanyňda, Gruziýanyň syýahatçylyk çeşmeleri 103 kurort we 182 şypahana zolagy, 40 tebigy ýadygärlik, 10 milli seýilgäh, 2400 mineral suw çeşmesi, 12 000 taryhy we medeni ýadygärlik özünde jemleýär. Gruziýanyň halky myhmansöýerligi we baý däpleri bilen meşhurdyr.

2022-nji ýylyň dowamynda Gruziýa 5,5 milliona çenli daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Gruziýa 98 ýurduň raýatlarynyň wizasyz baryp bilýändiklerini bellemek gerek. Syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmagyň çäginde Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili çykyş edip, ýurduň daşary ýurtly myhmanlary garşylamaga taýýardygyny aýtdy. Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň işgärleriniň soraglaryna jogap beren Konstantin Sabiaşwili iki ýurduň awiasiýa edaralarynyň ýurtlaryň arasynda göni uçuşlary başlamak üçin gepleşik geçirýändigini aýtdy. Şeýle hem, Gruziýada Türkmenistandan gelýän syýahatçylar üçin wizasyz tertibiň bardygyny aýtdy. Munuň üçin türkmenistanly syýahatçylara pasporty görkezmek ýeterlikdir. Häzirki hereket edýän düzgünlere görä, Türkmenistanyň raýaty wiza almazdan ýurtda 365 gün galyp biler.

Pandemiýadan öň, 2019-njy ýylda Türkmenistandan Gruziýa baranlaryň sany 13708 adam bolupdy. Gruziýanyň häkimiýetleri Türkmenistandan barjak syýahatçylaryň sanynyň has-da artmagyna garaşýarlar.

Gruziýadan göni uçuşlar 40 awiakompaniýa tarapyndan 72 ugurda amala aşyrylýar. Aşgabatdan Gruziýa Dubaý howa menzilinde (DXB) ýa-da Stambuldan (IST), şeýle hem gury ýerden üçünji ýurtlaryň (Ermenistan, Türkiýe, Russiýa) üsti bilen baryp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň