Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tennisçi gyzlar Billi Jin King kubogynyň bürünç medalyna mynasyp boldular

22:2928.02.2023
0
18947

Türkmenistanly tennisçi gyzlar Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Billi Jin King kubogynyň Aziýa ― Okeaniýa sebiti boýunça ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady.

Ýaryşa 16 ýygyndy gatnaşyp, olar ilkinji ädimi toparçalaýyn tapgyrdan ätdiler. Dört toparçanyň hersinden iki ýygyndy öňe saýlanyp, ýaryşy indiki tapgyrda dowam etdirmäge hukuk gazandy.

Abraýly ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysyna Merýem Muhammedowa, Aýşa Bikbulatowa we Natalýa Martynowa wekilçilik etdi. Olara ýurduň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý tälim berýär.

Toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 0:3 hasabynda utulan türkmen tennisçileri soňky iki duşuşygynda Saud Arabystanyny 2:1, Omany bolsa 3:0 hasabynda ýeňip, «D» toparçada eýelän ikinji orny bilen ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

Ýaryşyň utulan-çykdy tapgyrynda Malaýziýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen türkmenistanly tennisçiler ýarym finalda Şri-Lankadan 1:2 hasabynda asgyn geldiler. Finalda Gyrgyzystany edil şeýle hasap bilen ýeňen Şri-Lankanyň ýygyndysynyň çempion bolandygyny hem aýtmak gerek.

Türkmenistanyň ýygyndysy bolsa üçünji orun ugrundaky duşuşykda singapurly tennisçileri 3:0 hasabynda ýeňip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Ýeri gelende aýtsak, Billi Jin King kubogy zenan tennisiniň abraýly ýaryşlarynyň biridir. Ýaryş Halkara tennis federasiýasy tarapyndan geçirilýär. 1963-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli «Federasiýanyň kubogy» diýlip atlandyrylan ýaryş 2020-nji ýyldan bäri amerikaly tennisçi zenan Billi Jin Kingiň adyny göterýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň