Ozal habar berşimiz ýaly, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän daşary işler ministrleri derejesindäki «Merkezi Aziýa – ABŞ» (C5 + 1) duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi.
Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda türkmen-gyrgyz syýasy, söwda, ykdysady, energetika, ulag, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de 2023-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn çäreleriň ýokary gurmaçylyk derejesini üpjün etmek bellenildi.