Türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Astana şäherinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň gatnaşmagynda geçiriljek daşary işler ministrleriniň C5+1 (Merkezi Aziýa + ABŞ) mejlisine gatnaşar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departmenti habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Gazagystanda, Özbegistanda we Hindistanda saparda bolar. Saparyň çäklerinde Gazagystanyň Astana şäherinde ABŞ-nyň Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzylygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklamak hem-de ählumumy meseleleri çözmekde sebit bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, C5+1 (Merkezi Aziýa + ABŞ) formatynda ministrleriň mejlisi geçiriler. Oňa türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
C5+1 ministrler mejlisinde ABŞ bilen Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky ykdysady, energetika, ekologiýa we howpsuzlyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.