Perunyň häkimiýetleri guş dümewi sebäpli adatdan daşary ýagdaýyň möhletini uzaltdylar, geçen ýyl howply ýokançdan 63 müňden gowrak ýabany hem-de öý guşlary heläk boldy diýip, «Habar 24» ýazýar.
Golaýda bolsa, ýokanjy ýüzlerçe gunduzlarda we deňiz arslanlarynda ýüze çykardylar, olary Lima departamentiniň suwa düşülýän kenarlarynda tapdylar. Adatdan daşary ýagdaý indi ýylyň aýagyna çenli dowam eder.
Häkimiýetler guş dümewiniň bütin ýurda ýaýramagyndan ätiýaçlanýarlar.