Soňky habarlar

Arhiw

UNRCCA özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan maglumatlar ýygyndysyny neşir etdi

20:5426.02.2023
0
22410

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan maglumatlar ýygyndysyny neşir etdi.

Neşir «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi: sebitdäki işe 15 ýyl» diýlip atlandyrylýar. Ol Merkeziň döredileninden bäri geçen döwürdäki işini şöhlelendirmek bilen, ýolbaşçylyk, mandat we işiň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň ýazmagyna görä, ýygyndy sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmek baradaky materiallary öz içine alýar. Olara Zenan ýolbaşçylaryň dialogy, Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda suw-energetika hyzmatdaşlygynyň kanuny taraplary boýunça iş topary we beýlekiler degişli bolup durýar.

Şeýle hem ýygyndy BMG-niň beýleki gurluşlary bilen, hususan-da, terrorçylyga garşy çäreler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik gözleg institutlary bilen hyzmatdaşlygyň tejribesi, dürli taslamalar we beýleki çäreler barada maglumat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň