Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Stambuldan Aşgabat şäherine her gün uçar

12:5522.02.2023
0
70529

«Turkish Airlines» 2023-nji ýylyň 24-nji martyndan Aşgabat şäherine gatnawlarynyň sanyny artdyrar.

Häzirki wagtda awiakompaniýa çarşenbe we şenbe günleri Aşgabat şäherine uçuşlary amala aşyrýar we 24-nji martdan her gün uçup başlar. Petekler awiakompaniýanyň web sahypasynda satylýar. Stambuldan (IST) Aşgabat şäherine (ASB) bir taraplaýyn petegiň bahasy 7 müň 393 türk lirasyndan, Aşgabatdan Stambula gaýdyş petegiň bahasy 367 ABŞ dollaryna deňdir.

Stambuldan ýola çykmak 20:30-da, Aşgabat şäherine 02:20-de gelmek meýilleşdirilýär. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 03:45-de, Türkiýä barmak 05:55-de bolýar.

«Turkish Airlines»-iň «Turkmenportala» habar berişi ýaly, Stambul (IST) — Türkmenbaşy (KRW) — Stambul (IST) ugurlary boýunça uçuş meýilnamasy 23-nji martda bes ediler.

«Turkish Airlines» ähli uçuşlaryna petekleri www.turkishairlines.com, iPhone we Android programmalaryndan we ähli satuw ofislerinden alyp bilersiňiz.

«Turkish Airlines»-iň floty häzirki wagtda 300-den gowrak uçary öz içine alýar. Olaryň köpüsi «Airbus» we «Boeing»-iň iň häzirki zaman modelleridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň