Turkmenportal logo
20.02.23
4600546005
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Filippinlerde dört ýolagçyly kiçi uçar ýitdi
Filippinlerde dört ýolagçyly kiçi uçar ýitdiSurat: aex.ru

Alty orunlyk «Cessna 340» uçary Filippinleriň paýtagtynyň günorta-gündogaryndaky Albaý ülkesinde uçandan soňra ýitdi. Bu barada ýurduň Raýat awiasiýasy edarasy habar berdi diýip, «Sinhua» gullugyna salgylanýan «Inform.kz» ýazýar.


Ýerli wagt bilen ir sagat 06:43-de Bikol halkara howa menzilinden asmana göterilen dört ýolagçyly, şeýle-de uçarmandan hem-de ekipažyň bir agzasyndan ybarat bolan uçar Manila tarap ugur aldy. Emma aradan 3 minut geçenden soňra onuň bilen aragatnaşygyň kesilendigi belli boldy.