Meşhur rus hünärmeni, Moskwanyň «Kommunarka» köpugurly kliniki merkeziniň baş lukmany, Aşgabatda doglan Denis Prosenkonyň kakasy, lukman Nikolaý Prosenko Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Hatda şeýle diýilýär:
«Türkmenistanyň güneşi, Aşgabadyň lälezarlygy, Watanyň güýji, türkmen topragyna söýgi hem-de Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda ähli maşgala agzalarymyzyň alan düýpli bilimleri meniň oglum Denis Nikolaýewiç Prosenko lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýa Federasiýasynyň zähmet gahrymany, Moskwa şäheriniň baş anesteziolog-reanimatology bolmaga hem-de maşgala däbimizi mynasyp dowam etdirmäge ýardam berdi. Oglumyň biliminiň mähriban ýurdumyzyň gülläp ösüşine we onuň lukmanlaryna peýdasy degse, örän şat bolardyk».
Denis Prosenko 1975-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Aşgabatda lukmanlar maşgalasynda dünýä indi. Ol Aşgabatda mekdep döwürleri iňlis dilini çuňňur öwrendi. Soňra Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda okady. 1990-njy ýyllarda Prosenkolaryň maşgalasy Moskwa göçdi.
2020-nji ýylda Denis Prosenko COVID-19-a garşy geçirilen işlere goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň zähmet gahrymany diýen ada eýe boldy.