Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022, günbatar sebit: gatnaşyjylar, duşuşyklaryň tertibi

23:4118.02.2023
0
26820

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2022-nji ýyldaky möwsümi 19-njy fewral güni pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary bilen gaýdyp gelýär.

Has takygy, ýaryşyň 1/8 finalynyň Günbatar zolakdaky duşuşyklary 19-njy we 20-nji fewralda geçiriler. Ýaryşyň bu tapgyryna Günbatar we Gündogar sebitleriniň her haýsyndan 8 topar çykdy. Has takygy, Günbatar sebite «Al-Hilal», «Al-Ahli» Dubaý, «Al-Şabab», «Nasaf», «Al-Duhail», «Al-Raýan», «Al-Feýsali» we «Fulad» toparlary, Gündogar sebite bolsa, «Kobe», «Ýokogama», «Tegu», «Çonbuk», «Johor», «Urawa», «Patum Ýunaýted» we «Kitçi» toparlary wekilçilik edýär.

Häzirki wagtda eýýäm bir finalçy mälim. Ol ― Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» toparydyr. «Urawa» «Johor Darul Tazimi» 5:0, «Patum Ýunaýtedi» 4:0, «Çonbuk Hýonde Motorsy» bolsa 3:2 hasabynda ýeňdi.

Ýaryşyň Günbatar sebitindäki pleý-off duşuşyklary aşakdaky tertipde geçiriler:

Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen görkezilýär:

19.02.2023, 23:00: «Al-Duhail» — «Al-Raýan»
19.02.2023, 23:00: «Al-Şabab» — «Nasaf»
20.02.2023, 23:00 ««Al-Feýsali» — «Fulad»
20.02.2023, 23:00: «Al-Hilal» — «Al-Ahli Dubaý»

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finaly şu ýylyň baharynyň ahyrynda iki duşuşyk görnüşinde geçiriler. Şeýlelikde, ýaryşyň şu möwsümi tutuş bir ýyllap dowam eder. Has takygy, final duşuşyklary 29-njy aprelde we 6-njy maýda geçiriler. Bu duşuşyklaryň ilkinjisi Günbatar, ikinjisi Gündogar sebitiň ýeňijisiniň meýdanynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň