Meşhur portugaliýaly tälimçi Karluş Keýruş Kataryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada Kataryň Futbol bileleşiginiň resmi saýty habar berdi.
69 ýaşly hünärmen bilen 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy. Keýruş bu wezipäni ispaniýaly Feliks Sançes Basdan kabul edip aldy. Bileleşigiň ýolbaşçylar dünýä çempionatyndaky şowsuzlykdan soň ony eýeleýän wezipesinden boşadypdylar.
Keýruş geçen ýylyň sentýabr aýyndan Dünýä çempionaty ― 2022 tamamlanýança, Eýranyň milli ýygyndysyna tälim beripdi. Ol Eýranyň ýygyndysyna 2011 ― 2019-njy ýyllar aralygynda hem tälim berdi. Goňşy döwletiň futbolçylary onuň ýolbaşçylygynda Aziýanyň kubogy ― 2019-da bürünç medala mynasyp boldular.