Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde gündogar sebitiň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymlarynyň okuw-usuly maslahaty geçirildi. Onuň geçirilişi barada welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Arzuw Muradowa «Turkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:
― Maslahata welaýatyň ähli etrap-şäherlerindäki çagalar sungat mekdeplerinde çeň, kanun, baglama, plektrli dutar we ud hünärleri boýunça bilim berýän mugallymlar gatnaşdylar.
Maslahatda, esasan, türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürjek çagalara bilim bermegiň we hünär öwretmegiň täze usullaryny oýlap tapmak, çagalarda saza bolan söýgini döretmek we terbiýelemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem mugallymyň gürüň berşi ýaly, welaýatyň dürli ýerlerinden gelen mugallymlar okatmagyň usulyýeti barada gyzykly çykyşlar etdiler, görkezme sapaklaryny geçirdiler. Olaryň arsynda mugallym N.Agaýewanyň «Türkmen milli sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi» atly çykyşy, A.Baltaýewiň “Baglama saz guralynyň aýratynlyklary we çagalara öwretmegiň usullary” atly tema boýunça geçiren görkezme sapagy has täsirli boldy.