Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi ýurtda ilkinji gezek ýol hereketiniň kadalary boýunça türkmen hem-de rus dillerinde 25 sany 3D wideosapagy taýýarlady. Bu wideosapaklar esasynda sürüjilik şahadatnamasynyň synaglaryna özbaşdak taýýarlyk görüp bolýar.
Bu wideosapaklar diňe bir öwreniji sürüjilere däl-de, eýsem bu ugurda uly tejribesi bolan sürüjilere hem ähmiýetli bolup biler. Mundan başga-da, ýol hereketiniň kadalaryny bilmek pyýadalaryň howpsuz hereketini üpjün edýär. Örän düşnükli şekiller esasynda düzülen wideosapaklara hatda çagalar-da, ýaşuly nesliň wekilleri-de tomaşa edip düşünip bilýärler.
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi intellektual eýeçilik obýektine awtorlyk hukugyny bermek baradaky karar esasynda alnan degişli ygtyýarnama bilen tassyklanan bu wideosapaklaryň ýeke-täk hukugy bolan tarapdyr. Patente laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi tarapyndan döredilen wideosapaklary awtorlyk hukugynyň eýesinden başga hiç kim satmaga we gaýtadan satmaga hukukly däldir.
Sürüjilik okuwlarynyň 3D görnüşdäki wideosapaklarynyň döredilmegi Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak ýörelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädimdir. Wideosapaklar öwrenijilere diňe tejribede özleşdirip bolýan maglumatlary ýetirmäge ýardam edýär.
Şeýle-de okaň: