Türkmen zenanlarynyň adyndan, ýertitremede ejir çeken türkiýeli çagalara ynsanperwerlik kömegi ugradyldy

22:2010.02.2023
0
52499

Şu gün 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna doganlyk ýurda kömek bermek kararyna gelnendigi barada aýdyldy. Bu kömegiň türkmen zenanlarynyň adyndan ugradylýandygy baradaky çözgüt enäniň perzende bolan gatnaşygyna goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde, doganlyk türk halkynyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, şu gün doganlyk türk halkyna agzalan önümler, şol sanda güýçli ýertitremede ejir çeken çagalar üçin dürli görnüşdäki gyşky ýyly egin-eşikler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hem-de türkmen zenanlarynyň adyndan doganlyk Türkiýede güýçli ýertitremede ejir çeken çagalara, olaryň maşgalalaryna kömek-goldawyň iberilmegi Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ynsanperwer ýol-ýörelgelere möhüm ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek äşgär etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň