«Aýbölek» mebel kärhanasy Arkadag şäherindäki täze jaýlar üçin aşhana mebellerini öndürýär

11:2509.02.2023
0
40208

Türkmen mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Aýbölek» kärhanasy häzirki wagtda uly döwlet sargydy boýunça işleri alyp barýar. Has takygy, kärhana Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäherinde ýokary oňaýlylykda bina edilýän jaýlar üçin aşhana mebellerini öndürýär.

Eýýäm bu ýerdäki 400 sany öý täze aşhana mebel toplumlary bilen üpjün edildi.

Mundan başga-da, bu günki günde bir mekdep we çagalar bagy üçin dürli görnüşli mebel toplumlary (1200 sany) taýýarlanyldy. Arkadag şäheriniň beýleki bilim edaralarynyň mebel bilen üpjünçiligi hem dowam etdirilýär.

«Aýbölek» mebel kärhanasynda öý, ofis, bilim we sagaldyş edaralary üçin niýetlenen mebelleriň dürli görnüşleri — aşhananyň, ýatylýan otagyň mebel toplumy, myhman otagy üçin mebel toplumlary, ofis stollary, oturgyçlary, tekjeleri, synp partasy we oturgyçlar, synp tagtalary, şeýle-de hassahana koýkalary ýaly mebel önümleri taýýarlanylýar.

«Aýbölek» haryt nyşanly mebel önümleri kärhananyň şu salgydaky dükanynda alyjylara ýetirilýär: Aşgabat ş., Andalyp köçesiniň 80-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03 we (+993 12) 47 01 04.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň