Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistandan telewizor import etmekde öňdäki hatarlardan orun aldy

10:1308.02.2023
0
51112
Türkmenistan Özbegistandan telewizor import etmekde öňdäki hatarlardan orun aldy
Surat: smlider.ru

Türkmenistan 2022-nji ýylda Özbegistandan telewizor import etmekde öňdäki hatarlardan orun aldy. Has takygy, geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda Özbegistanda öndürilen 2 müň 400 sany telewizor Türkmenistana eksport edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda 7-nji ýerden orun aldy.

Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Özbegistan umumy bahasy 43,4 million amerikan dollaryna deň bolan 237,1 müň telewizory daşarky bazarlara ugradypdyr. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 esseden gowrak ýokarlanypdyr. Özbegistandan iň köp telewizor import eden döwlet Russiýa Federasiýasy (146,7 müň) boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň